Kim men?
(Emmadan neşekeşlik hakda bir goşgy)
Kim men, näme,
içim serpilen ýaly,
gaçara, sümere ýerim-jaýym ýok,
alys bir ýerlerde tanyş-bilişsiz,
ýeke, ýalňyz galmak isleýän uzak.
Gorkýan garaňkydan, ýagtydan gorkýan,
gorkýan gündizine, gijeden gorkýan,
golaý gelme maňa, bakma ýüzüme,
döşüňden iterin, ýykaryn öýdýän,
düşünmerin aýdan, diýen sözüňe,
biderek janyňy ýakaryn öýdýän,
çünki çümüp barýan gark bolup aşak,
gollarymy gerip, durup bilemok,
başaramok dem almagy zor bilen,
umytdan ýapyşyp, öz-özüm daşap...
Gorkýaryn ummandan, gorkýan adadan,
gorkýan patolokdan, gorkýaryn poldan,
sagyma seredýän, seredýän sola,
hemem seredýärin aýna,
batbörek deý uçup göge, asmana,
ahyr anyk bolýar kim men, nämeden,
ahyry görýärin özümi açyk,
bilýän kim men, ýöne gaçýan özümden...
Iňlisçeden terjime.
()