Meniň durmuşym

Bu meniň durmuşym, ýaşaýan ony
daga çykan, inen ýaly ýapaşak.
Käte gorkýan uçjak ýaly gaýadan,
a käte säginýän ýeňsämi gaşap,
ýöne ýollar diýýär eglenme, durma,
düwdenekläp öňe ylgaýan ýene.
Ýykylýan, sürüşýän, ýarylan başym
sypap gidýär gelip düýşümde enem.

Käbirleri durmuş saýmaýar muny,
sebäbi dälmişin bol pully, aşly.
Bu meniň durmuşym, ýaşaýan ony,
wagty gelen güni giderin taşlap...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019