Hakykat

Hakykat kämahal agyrdar biraz,
ýöne ol melhemdir çyndan aýdylsa,
ýürekden hem ýüze aýdylsa göni,
matlap bilen aýdylmasa,
bet niýetden gelmese,
agyrtmak ýa ýaralamak üçin däl,
bejermek, saplamak üçin aýdylsa,
garalamak üçin aýdylmasa ol,
gutarmak, aklamak üçin aýdylsa...

Häkykat kämahal agyrdar, dogry,
ýöne onsuz ýaşamaly bolmasyn.
Daşyň gallamasyn hakykaty däl,
ýalany kagyza dolap getirýän,
ýa-da altyn gapda berýän zäher deý,
“Iç gözüň ýum-da” diýip,
hakykat daň, ýagtylykdyr säher deý,
ýalan garaňkylyk, ömrüňi iýip,
seni ýalňyz goýar gara gijede,
ýeke galdyr hatda özüňden aýryp,
hakykat kämahal agyrdar biraz,
emma bu barlykda melhem ýok gaýry.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024