Okyjy bilen gürrüň
Biri diýdi: “Içip ýazýaňmy senem?”
Diýdim: “Neden beýle sorag berýärsiň?”
“Aý, öň bir sazandar saz döredende
pianinoň gapdalynda bir çüýşe
arak goýýar eken agzyn ölläre...”
“Hawa, munuň maňa dahyly näme?”
“Bir şahyr, atylan ýolda ýaş wagty,
ölmedigem bolsa okdan, ýaradan,
arakdan ölerdi diýýärler yzak,
süýji ömür sürmän aýaly bilen,
sebäp bagry bordy ömürne duzak...”
“Hawa, menem içip ýazýaryn, ýöne
çaý içýärin diňe, oňam güýçsüzin,
sebäbi güýçlüsi kelläme urup,
gan guýulan ýaly edäýýär gözüm...”
()