Näme üçin ýazylýar?
Biri diýdi: “Gowy soňky goşgulaň,
şowly çykypdyr örän!”
Meň sorasym geldi: “Öňküler dälmi?”
Ýöne ol öň okamazdy hiç zadym,
ýa-da aldap “hiç okamok” diýýärdi,
indi hörpi başga, gaçan deý bady,
açyk aýdýan ýaly pikirni, pälni,
diýýär: “Ýazsaň bolman egsiler derdiň!”
Men diýdim: “Şoň üçin ýazýaryn herdem...”
()