Ýagşylyk we ýamanlyk
“Biliner-ow” diýip ýagşylyk etme,
gaýta bilinmänin dile.
Sebäbi ýagşylyk agyrdar pesi,
hem yzyna geler ýamanlyk bolup,
düşme kän dile...
Ýagşylyk et elden gelýärkä aňsat,
ýa-da gara başyň etege salyp;
Kän gynanma eden işiň oňmasa,
hem niýetiň üçin ölseň ýykylyp.
“Bilinmez-ow” diýip ýamanlyk etme,
saklan ondan elden gelse-de aňsat.
Ýamanlyk özüňi agyrdar ilki,
a soň öz-özüňe eder seni ýat...
()