Ýyl başynda taňrydan towakga

Taňrym, nägile däl senden,
ogul ýerne oglum bar,
gyzym bar gyz ýerinde,
ýarym bar ýanymda ýüregim bilen,
öýüm bar üstümde, saçagym doly,
epilip, ýaýaplap ýaşamok kimsä,
hemem tutup barýan şol başky ýolym.

Taňrym, nägile däl senden,
hassa, ejiz edip ýykmadyň, şükür;
Duşmanym bar ýanýan ýagşyma aşa,
dostum bar gynanýan ýalňyşsam ýa-da
daşlaşsam ilimiň derdinden daşa...

Taňrym, nägile däl senden,
agyr ýola saldyň diýip sögmedim;
Beren galamyňy uçladym mydam,
hemem ýazdym, söz başynda döwmedim.

Bir görsem ýazanym tom-tom bolupdyr,
ýöne ilim ýesir, okyjym tussag.
Ýazanym okajak, biljek ýok diýip,
ýüregime düşýär agyr bir gyssag.

Taňrym, nägile däl senden,
beren döwletiňe minnetdar örän.
Ýöne ilim okap, aňlap bilmese,
kime derkar meniň ýananym köräp?..

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024