Prezidentler
Prezidentler ýa kanunyň girewi,
ýa goragy bolar kanuny ogryň;
Olar üçin aralyk ýok, orta ýok,
seçmeli birini egriň ýa dogryň.
Dogry, prezidentler iliň öňünde,
kanunyň adyndan gürlär şübhesiz.
Ýöne sözüň işden aýra çykýanyn
görkezer ogrular syrkyn deý ösüp.
Onsoň çagajyklar goşgy okasyn,
ýa gojalar ýapsyn üstüne dony,
döwlet ýalanyny ýaşyryp bolmaz,
ýalança ýaladyp mikrofony...
Prezidentler ýa iliňki bolmaly,
ýa ili talanyň hyzmatkäridir.
Olar üçin altyn orta bolmaýar,
ýa garantga, ýa-da döwlet äridir.
()