Ýekäniň derdi
Ne ýüzi bar, ne ýeňsesi pahyryň,
meger şondan, haçan görseň dat-bidat,
o bir ýeke, iller çagyly gyryň,
leňňeç diýýär tanan, bilen, ýakyn, ýat,
barýan ugrun bilip bolmaz birbada,
pida bolan bolup edende perýat,
emma siňe baksaň, açyk syr bolar,
päl-niýetin gizläp bilmez adamzat.