Beýni betbagtlygy
Gowy adam ýatdan çykýar ýüzugra,
salyhatly, gepi-sözi ýerinde,
ýüzi-gözi gülýän ýüregi ýaly,
emma bolgusyzy kelläňe salyp,
alyp gelip, oturdýarsyň duluňda,
soň düşege girip bile, ýatýançaň,
dynyp bilmän surnugýarsyň, hyýaly,
başga bir barlyga düşen mysaly,
diýýärler aşgazan gowy bu işde,
gaýtarýar ol ýakymsyzy saklaman,
beýni ejir çekýär huşda hem düýşde.