Sowapsyz iş
Saňa gezek gelse, Görogly kändir,
Aldarköse kändir, suwly äkidip,
küýzäňi depäňde döwerler urup,
ýa oýnarlar oglan ýaly altmyşda,
kümsük, kezzap bilen öňüňde durup,
emma ezijiler uly hem kiçi,
polisiýa bolsun, bolsun MHM,
ýa-da başga, iň ýokardan aşaga,
näçe ezse diýip şonça-da aga,
çydajak bor millet, başyny egip,
saňa gezek gelse, degmeze degip,
wah, Görogly kändir, kän bolar ýene,
bermejegiň bilse gaýtawul, jogap,
näçe sana, bolmaz sowap.