Baş bilim

Bilmeýäniň bilmek baş bilim, belki.
Bilmeýäniň bilmeseň kyn,
bilmeýäniň bilinýänin,
görülýänin, gülünýänin
aňmasaň kyn, görmeseň kyn,
bilmäýniň gürleseň kyn.

Bilmeýäniň bilmek baş bilim, belki.
Bilmeýänin bildirmeýän,
bilýän bolup gürleseň kyn,
durmalyda durmasaň kyn,
barmalyňa barmasaň kyn.

Bilmeýäniň bilmek baş bilim, belki.
Bilmeýäniň bilmek bilen,
meger, başlanýandyr durmuş;
bilmeýäniň bilmän ýörseň,
ýa biljek bolmasaň asla,
nämä gerek başga gargyş?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019