Çüýrük adam
Adam aňsyz bolsa, köşk gurýan diýip,
döwran sürýän diýip, aňsyzy aldap,
mümkin bolsa, türme gurar il üçin,
özi üçin iň ozaly, düşünse,
penjiresiz, gapylary demirden,
hemem gaçyp çykanlara gynanar,
akyl satar gidenleriň yzyndan,
hem özüni, hemem halkyny gynar,
bilse çüýrük, ýelsiz ýykyljak çynar.