Göçen il
Eger-de ulusyň akar suw bolman,
barha beter sorýan batgalyk bolsa,
gara läbik bolup, çökersiň bir gün,
arsuw bilen hyýal öňüňi alsa...
Dogry, iller aýdar saňa otuzda,
soň kyrkyňda, soň elliňde, gereg-eý,
ne akylyň, ne pikiriň, düşünjäň,
emma ynan, ynanmarsyň, dereg-eý,
ýykylmaly bolar diýip il üçin,
arman altmyş ýaşap, görersiň ahyr,
millet özün taşlap, gidendir göçüp.