Ötmeýän gyş
Tussag edilen ýazyjylaryň gününde ýazylan goşgy
“Öten gyşyň sowugy ýok” diýýärler,
emma men üşeýän ýatlasam gyşy.
Bu dünýe uruşdan, baryşdan durýar,
hem uzaga uçurmaýar täk guşy.
“Öten gyşyň sowugy ýok” diýýärler,
emma men gagşaýan ýatlansa sowuk.
Garaňkylyk, açlyk, ýeke-ýalňyzlyk,
ejiz eder seni göýä bir towuk...
Dünýe habar, üşeýän bar, ölýän bar,
ýa ölenden beter dünýäň göçünde.
“Öten gyşyň sowugy ýok” diýýärler,
emma ol ötmeýär galsa içiňde...
()