Günäkär
Sen obaňdan utanarsyň,
uýalarsyň il-ulusdan,
nadan dogan utanmaz hiç,
nadan dostlar utanmazlar,
uýalmaz okaman alym bolanlar,
ýazyjy bolanlar, bolan žurnalist,
ili ýykar olar birleşip, üýşüp,
goldaw berip hökümete, ýumurýan,
ýok edýän bilimi, aňy, üşügi,
dolandyrar ýaly aňsat, ezýetsiz,
meger, otuz ýylda ýetip maksada,
ýaşaýarlar hezil, TW, gazetsiz,
sebäbi bilýärler zat ýok görere,
hem diýýärler - günäkär siz!