Adam hem hudaý

Öz-özüne kömek edýän adama
hak-hudaýyň özem uzadarmyş gol,
özüni özünden gaýgyran kişä
gynanarmyş, emma düşünmezmiş ol...

Öz-özüne kömek edýän adama
taňry golun uzadarmyş bigüman;
Öz-özüne kömek etmez adama,
öz gyzyna kömek etmez adama,
öz ogluna kömek etmez adama,
öz iline kömek etmez adama,
her niçe dilinde getirsin iman,
hudaý gabygyny galdyryp çala,
ýeň astyndan seredermiş,
emma kömek etmezmiş.

Öz sözüni aýdyp bilýän adama,
hem durjak bolýana yzynda gaýym,
hudaý guwanç bilen bakarmyş hemem
arkasyna kakarmyşyn herdaýym.

Öz-özüne kömek edýän adamy,
öz-özüne dürsi goldarmyş neti;
Öz-özüne kömek etmez kösenip,
ömür ilden çekermişin minneti...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024