Ol

Ol oglandy, ösmelidi,
enesi agzyndan kesip,
iýdirdi ony.

Ol ulaldy, geýmelidi,
enesi egninden kesip,
geýdirdi ony.

Ol gys söýdi, kän suslandy,
ene bergi-borja batyp,
öýerdi ony.

Okamandy, hünär ýokdy,
hem söýmezdi derlemäni,
ejesi ömründen kesip,
gaýgyrdy ony...

Ahyr bir gün ene ötdi,
durmuş diýlen göhert düýe
bagyryp üstüne çökdi,
amanyn-zamanyn bermän
maýyrdy ony.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019