Taryh we hakykat

Türkmenistanyň respublika bolanyna 85 ýyl dolanda akyla gelen setirler

Taryh başgalaryň adyny çyzyp,
öz adyňy goýup bolýan diwar däl.
Ony “ýuwup” bolar, “reňkläp” bolar,
emma bir gün hökman biliner ne hal,
ne ahwalat boldy, näler çöwrüldi,
hemem ony aýdar birleri turup,
onsoň ýatar, gowşar ýalan gürrüldi,
sebäp hakykaty bolmaz öldürip.

Taryh aglak iliň üstüne çykyp,
ýamanyn örňedip, “beýik” bolmak däl;
ol döwlet ärine döwlet dogurmak,
alym bolsaň – ylma baglamak ykbal,
ene ýaş üstünden ýa gider soňra,
emma çaga galsa, bolar kämähal...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024