Meniň galybym

Sen meni galyba gapgarjak bolýaň,
eýi ýeten toýun palçyk mysaly.
Onsoň guýjäk öz diýýänje kerpijin,
üst-üstüne goýup, öreriň ýaly...

Sen meni özüňe meňzetjek bolýaň,
bolmanda deňiňde saklajak basyp.
A men bir kakabaş, aglaýan, gülýän,
hem aňyrrak süýşýän ýüzümi asyp.

Sen maňa daş zyňýaň, hem kesek zyňýaň,
käsi ýetýär, käsi pytraýar ýolda.
Ýöne men galyba girmejek bolýan,
bulam özboluşly galyp her halda...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019