Ýöre, durma...

Ýöre, durma, gowşama,
bolmanda hool çüňke ýet,
öwrül şondan sagyňa,
a biraz soň çepe git...

Ýöre, durma, gymylda,
kyn bolsa gitmek eňip,
emma dönme yzyňa,
ýadan bolsaň al demiň.

Ýöre, durma, ýaýdanma,
gidiberseň ýolugra
görersiň köp adamy,
käte ýadadar gowry,
galmagaly illeriň.
Ýöne gidiber durman,
berk guşa-da billeriň.

Ýoldur, çilim çeken bor,
ýa-da bolar nas atan;
Kä duşar serhoş, saňsar,
tirýek, heroin satan...

Ýöre, durma, gidiber,
görersiň her haýsysyn,
iki-ýeke il gaýgyr,
köp eder öz gaýgysyn.

Biri bolar beýleräk,
biri bolar eýleräk,
gidiberseň gygyrlar
yzyňdan bolup heläk.

Emma durma, eglenme,
bol sen özüňe görä;
Bu bir uzak ýol örän,
ýeňersiň diňe ýöräp...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024