Iki it

Goňşyň iki iti bar,
biri gara, biri ak.
Biri üýrüp topulsa,
beýleki çekýär aýak.

Onsoň durýar üýregen,
aňan ýaly ýalňyşyn.
Ýöne beýleki şonda
goldaýar öz ýoldaşyn.

Iki it iki ýerden
üýrýär çöwjäp gaharly.
(Walla, haýwanam bolsaň,
ödemeli naharňy!)

Emma käte ýaltanyp,
geçirýärler “salamsyz”.
Diýýän içden “Beýtmäň,
bolmaz-a hiç ýalansyz!”

Barlaýan deý hamala
öýde biri barmy-ýok,
käte “bes” diýilýänçä
“aýdym aýdýar” gara, ak.

Käte tanaýan ýaly,
itler seredip durýar.
Haýat içi olaňky,
ýok daşaryk ygtyýar.

Diýýän käte diýeýin:
“Eheý, şu ýerli men-de!”
Emma ýene deň bolman,
geçip gidýärin günde...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024