Dialog

Biri diýdi: “Daşdan görnüşiň ýaly,
gyňyr hemem gedem däl ekeniň sen!”
Beýlekisi diýdi: “Açyg-aý eliň,
aňryňa basan deý dünýäni öňden...”

Biri diýdi: “Içmän, çekmän, aýala,
ýa baýlyga çapman nädip ýaşaýaň?”
Beýlekisi diýdi: “Wezipe, şöhrat,
at diýmeseň, munça ýüki daşama!”

Biri diýdi: “Kiçigöwün ýylgyrýaň,
ýöne birden ýanyp gidýär gözleriň;
Nädip gaharyňy basýarsyň beýle,
nädip diýmän goýýaň diýjek sözleriň?”

Biri diýdi: “Kiriş kibi, siňirleň --
duran ýaly gyrylmanyň bärsinde?”
Beýlekisi diýdi: “Giň-aý sen gaty,
ýa-da ýoga-soga edýäňmi günde?”

Biri diýdi: “Hassa diýip eşitdim,
gidip barýan ýaly etdiler asyl?”
Beýlekisi diýdi: “Türmede senem,
o biri deý, goýup bolardy asyp...”

“Şonda – diýdim – giňärmidi seň ýeriň,
ýa-da ýeňlärmidi o birniň derdi?”
“Ýok-la..." Gümmi-sümmi etdi birisi,
beýlekisi diýdi: “Biraz ýeňlärdi...”

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024