Ol gorkýar
Ol gorkýar,
ot ýakmaýar,
ýogsa bilýär --
Gün garalýar.
Ol gorkýar,
galdyrmaýar başyny,
ýogsa bilýär başga
iýýär aşyny.
Ol gorkýar,
seretmeýär öňüne;
goý, çukur gazsynlar
boýy-boýuna.
Ol gorkýar
okamaga, bilmäge.
“Barybir ýazarlar
çal diýip aga.”
Ol gorkýar,
ýola çykmajak bolýar.
Hiç kesiň göwnüni
ýykmajak bolýar.
Ol gorkýar,
goý, başgalar gürlesin.
Hem söweşsin ýagty gelejek üçin,
ýöne oňa daş ýa taýak degmesin.
Ol gorkýar,
özi ölse yzynda
aýaly, çagasy el serer kişä.
Ýöne diri günem açlyk, garyplyk,
sebäp beterinden edýär endişe...
()