Özüm üçin ýatlatma
Ýazma, eliň agyrar,
gazap etseň, käýinseň.
Ne özüňe agram sal,
ne göwnüne deg kimsäň.
Ogry çeker jezasyn,
egri bir gün ýykylar.
Zaýalama sözüňi,
eger bolsa akylyň.
Ýetjek bolma yzyndan
giden otlyň birmahal.
(Sen düýşde kän gitseňem,
gel diýmez saňa Ahal!)
Men diýme diňe haýyr,
ýa şer saýma öňňäni.
Sen hem haýyr, hem şersiň,
başarmasaň dymmany...
()