Adamyň parhy

Hiç kim menden güýçli däldir üýtgeşik,
hiç kim menden ejiz däldir görnetin;
Ýa-da menden beter tapylmaz aşyk,
söýen ýürek aňsat galmazmyş ýetim...

Hiç kim menden batyr däldir üýtgeşik,
ýa-da gorkak däldir, ynanýan şuňa.
Her kim gelýär, geçýär göze güýdüşip,
ýaşadyň ýa öldüň diýilmez oňa.

Bolar, kändir menden dyrmaşan beýge,
hem az bolmaz yza galan süýrenip.
Men kowup, ýaralap, almasam keýgi,
ýaragym däl, ýüregimi öwreniň.

Hiç kim menden akylly däl diýmäýin,
ýa diýmäýin menden samsyklaram bar;
Her adamyň bolar buýsanjy, müýni,
biri agaç eker, beýleki daşlar...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019