Besdir

If you knock on my door I may not even hear. Anna Akhmatova

Men indi gapymy ýapýaryn içden,
gulplaýan gulpuny, towlap açaryn.
Sen ony ýumruklap ýitirme wagtyň,
açylmaz ol indi gijäniň ýary,
ýa-da irden, sebäp şöwür çekilen,
soňsuz gijelere diýýärin besdir,
galam-depderimi zyňýan başuçdan,
noutbugym ýygnap, saldym gabyna,
ötsün, geçsin barça bilinmän duşdan,
ýazmaýyn, ýanmaýyn, diýmäýin sözüm,
gelene, geçene ýumaýyn gözüm,
besdir, indi meniň gapymy kakmaň,
men ony ýapýaryn içinden mäkäm,
öň kän açyk goýdum, hemem ökündim,
indi biraz ýalňyz boljak gitmäkäm...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019