Hytaýda hassa bolma
“At Chinese hospitals, patients deposit money up front. When funds run dry, they are thrown out.” Newsweek/December 1, 2008.
Ýarawsyz bolmaga haky ýok hemmäň,
munuň üçin ýetik puluň bolmaly.
Dogry, ýaramanam bilersiň pulsuz,
ýöne pulsuz hassaň soralmaz haly.
Dosty-ýaryň sorar, goňşular sorar,
diňe göwün bilen gutulmaz hassa;
Diýmek ýaşamaly tut ýaly sagat,
hytaýlymyň, pulsuz üsgürme asla...
()