O taýda biri urulsa...
Inguşetiýada öli tapylan žurnalist Natalia Estemirowanyň ruhunyň öňünde boýun alyş.
O taýda biri urulsa,
ýüzükessir, arkasyndan,
“şükür, men däl hem bolmaýyn” diýýärin.
O taýda biri kowulsa,
işsiz hem çöreksiz galsa,
“şükür, men däl hem bolmaýyn” diýýärin.
O taýda biri ölse,
öldürülse ýa,
köpläp, namartlap,
“şükür, men däl hem bolmaýyn” diýýärin.
Ýöne bu söz meni köşeşdirmeýär,
her urulýan bilen urulýaryn men,
her kowulýan bilen kowulýaryn men,
hem ölýärin her bir öldürlen bilen,
“şükür, men däl” diýip sözleýän ýalan!
()