Biri dogrusyny sözleýän bolsa

Milanda Leonardo da Vinçiniň heýkeliniň öňünde akyla gelen setirler.

Biri dogrusyny sözleýän bolsa,
senem bilýän bolsaň aýdylýan zadyň
ýalňyş däldigin,
oňa garşy çykma, dyzama haka,
hakykata böwet bolma hiç haçan,
sebäp hakykata böwet bolanlar –
özüni tapan däl, özünden gaçan,
özüni ýitiren adam bolarlar.

Biri dogrusyny sözleýän bolsa,
senem aňýan bolsaň janynyň baryn
aýdylýan zadyň,
dogry zada egri diýme iň bolman,
çyzyk çyzma hakykatyň daşyna;
sebäp dogry inkär edilse uzak,
gara daş dek gaçar adam başyna...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019