Azat aýdymçy

… so I will sing like I’m blind. I will sing like I’m free Ryan Mergen

Kör oglanjyk aýdym aýdýar köçede,
(nätsin hindi bolup dogulsa çaga?)
Sesi gowy diýip, gözlerin köwläp,
goýupdyrlar çüňkde pul ýasamaga.

Sesi zaryn, gyýýar ýüregňi parran,
balkyldap, gözleriň dolýar bir demde.
Emma ol arkaýyn, aýdym aýdyp dur,
bilýär uzak günüň ýatanyn öňde.

Gaçyp gutulasyň gelýär bir ýere,
ýowuz hakykatdan, başyňy alyp.
Emma aýdym ýaňlanyp dur gulakda,
käte pessaý, käte ýokaryk galyp.

Ol kör, seni görmek aladasy ýok,
diýmek, bilmez niçik hala salanyn.
Ýylgyrar sesine oklanan şaýyň,
hem gara-gyssanmaç sermener ýanyn.

Sen gidersiň, emma gyzarar ýüzüň,
hamala howruna tutulyp pejiň;
Ol azat deý aýdym aýdar köçede,
sen öýde tussag deý çekersiň ejir...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024