Şübhe

“Living is no laughing matter: you must live with great seriousness like a squirrel, for example...” Nazym Hikmet.

Ýaşaýyş oýun däl, ýöne çynmyka,
ýaşap bolarmyka bar işiň-derdiň,
aladaň, pikiriň ýaşamak edip,
ýa ýöne gitmeli iliň ugruna,
il nirä ýykylsa, şol ýana ädip?

Hars urup, sermenip, çöregiň gözläp,
tisginip, gypjynyp her döwlen çöpden,
ýaşaýyş galmakmy uzak hem gurgun,
pikir etmän başga peýdadan, nepden?

Ýaşaýyşmy gaçmak howp-hatardan,
ýa durmak dişiňi görkezip käte;
bar işiň ýaşamak edinseň, gardaş,
başga işe eliň ýetermi ýa-da?

Ýaşaýyş oýun däl, bu dogry, belki,
oýun eden ony bilmeýär utup.
Ýöne çynyn eden çykýarmy üstün,
ýa-da bir ýerlere bilýärmi ýetip?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024