Surat

Agy we gülki

Adamyň özünde özi bolmasa,
ýüzi bolmaz, sözi bolmaz özüniň,
sözleri bor ondan, mundan çöplenen,
özüniň-de ynanmajak,
birisi Buddadan, Injilden gelen,
bir-birekden ogurlanan, çilinen,
ýene biri Muhammetden alynan,
birisi Leninden, marksçy ýalan,
ýene biri Putin goşmak Medwedew,
ýa ýene bir beýik ärden,
adamlary aldan, çapan,
ýalan sözläp, haky ýapan;
adamyň özünde özi bolmasa,
çapalar ol özün gözläp her ýerden,
hemem biri bolup görünjek bolar,
bir gün halal, ertesi gün ateist,
baýlyk, şöhrat üçin näme edilmez,
haýsy hatar, çatak ýola gidilmez,
demokrat bolar gerek bolanda,
satjak bolar çig garpyzyn bazarda,
türşegine gawun diýip gygyrar,
tapar özi ýaly alyjy, belki,
adamyň özünde özi bolmasa,
hem agy bor, hemem gülki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024