Garalawçy zerurlygy

Seniň garalawçyň hemişe bolar,
aýlyk alsyn ýa almasyn döwletden,
nirede bol, näme işle, işleme,
partiýa gir ýa-da girme hiç haçan,
pursat ara, dişli bolsa dişleme,
ýa dişsiziň dişini döw assyryn,
ýagşy-ýaman bir derege ýarasaň,
tapylar ol nirä barsaň ýanyňda,
emmaki aklawçy tapylmaz mydam,
ýa bolsa-da duzuň iýip,
hakyn alyp çekiler ol,
çekiner ol baksaň siňe,
muny giç däl, irräk bileniň gowy,
aklawçy däl, garalawçy ders berer,
tiziräk sapagna geleniň gowy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019