Miras

Sowet saýlawlary, hemmeler bilýär,
saýlawlara barsyn ýa-da barmasyn,
sesin kime bersin ýa-da bermesin,
kimiň ýeňjegini gepsiz, gürrüňsiz,
sesleriň aglaba köplügin alyp,
tanalsyn ýa tanalmasyn,
sowet adamlary boýun alykdy,
partiýanyň kandidaty ýeňmeli,
olar garraýarlar, gidýärler goýup
bu mirasy ogul-gyza, agtyga,
sowet saýlawlary, hemmelere bilýär,
gara çekmek bagtyňa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019