Ynam döwülende

Ynam döwülende adam,
ýa-da millet, parhy näme,
ürken süri ýaly kürtdürer, durar,
gitjek bolar soňra öňküsi ýaly,
emma ynamsyzlyk ýoluny urar,
saklar ony orta ýolda ýa bärde,
menzilinden uzakda kän,
duşaklanan düýe ýaly,
ynamy döwülse özüne iliň,
ýa adamyň, parhy näme,
pelle-pelle pese düşer ahwaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019