Watan düşünjesi
Kim düşünýär watan diýip watana,
dogduk depesine, aglan hem gülen,
kim düşünýär watan diýip,
yzda hassa, gözi ýolda ýatana,
kim düşünýär oňa garaşyp ölen
ejemiň, kakamyň mazary diýip,
agtyklary diýip ýetim hem ýesir,
kim düşünýär watan diýip azana,
a soň bagty ýatana.