Söz azatlygy
Sözüň azatlygy, walla,
seniň ömür garaşmadyk,
gerek bolar öýtmedik hiç,
ýa düşüner diýmedik
iliňe-de gerek bolýar,
uçdantutma bolmasa-da,
gerek bolýar onuň birden,
garyplykdan çykyp-çykman,
beg bolanna, baý bolanna,
azanyna azan bilen,
düşünip däl, belki, bilmän,
azandan soň galsa ölmän.