Iliňi söýmegiň jezasy

"Adamlary söýmek ýeňil iş däldir",
ýaş şahyr Ezizow aýdypdyr muny.
Adamlary söýmek näme, gardaşym,
watanyňy söýmek, iliňi söýmek,
aýtjak bolmak oňa sözüň dogrusyn,
belki, ertir näme boljak,
kim ýykyljak, nirde galjak,
nirä alyp geljek ýalan,
kime peýda boljak talaň,
diňe agyr iş däl, ullakan hata,
öldürýärler munuň üçin,
göni däl, arkaňdan atyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019