Esasy mesele

Çyna, hakykata ýa dogry söze
mynasypmy hemme adam,
ýa-da hemme zamanda,
bu barada pikir et
otly halka sokmazdan öň başyňy,
belki, gerek däldir çyn?
Ýa-da seniň çyn diýýäniň
çynmy ýa däl başga üçin,
başga-başga pikir, pälli,
bu dünýäniň meselesi,
iň esasy, niýet dälmi?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019