Alla we bendesi

O birleri otyr haka ýalbaryp,
iki sözden biri biribar, alla,
özüň ýetir, özüň getir, ber diýip,
gora diýip gözi gyzyl dünýeden,
adamlardan doýmaz-dolmaz;
beýlekiler gije-gündiz ylgaýar,
ýa ylgajak bolýar bolsa, bolmasa,
dogry ýa-da egri ýoldan,
diýip hökman bolar bolmaz,
hatda agzy gum garbanda ýykylyp,
allany çagyryp, ýerinden galýar,
öňe süýşjek bolýar soňuna çenli,
kime näme berýär, bermeýär alla,
siňe baksaň, görse bolýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019