Adam we hudaý
Öz ilinde maýyrdylar adamy,
ne mertebe galdy, ne-de ar-namys,
egilmeli aşak-aşak ýaşajak,
ýa-da ýaşan boljak ýaşamaň ýerne,
ozal oňa aýdypdylar, hudaý bar,
alla bardyr, gorar, durar arkaňda,
emma ýalan çykdy aýdylan, diýlen,
alla diňe ogry-jümriň şärigi,
zalymyň şärigi bolýar,
öldürişýär, gyryşýar hak,
hakykatda hak däl-de, pak,
gaçyp çykdy ilinden ol,
günlükçi ýa hammal bolup,
çagasyna çörek puly iberdi,
ýat illerde sergezdan,
arasynda hünübirýan aglady:
adalat ýok eken, alla,
oýnaýan bar adalaty,
eziji bar, aldawçy bar,
ýa olary goldaýanlar,
ýetimiň, ýesiriň gözüniň ýagyn
iýip-içip doýmaýanlar,
hudaýdan has güýçli eken,
hudaý bolup oýnaýanlar.