Kaýyl bolsa

Adamy her hili kemsidip bolýar,
mysal üçin, tahýa, telpek geýdirip,
metjit gurup hatar-hatar,
soň sakgalyn syryp namaz okanyň,
ýa agzyna arak guýup zor bilen,
ýa-da tigir sürdürip,
geý diýen eşigiň geýdirip her aý,
karza girip alynan,
el çarpdyryp halamaýan sözüne,
her hili kemsidip bolýar adamy,
hatda ýarag, galam berip eline,
özüni garalar ýaly,
goja taryh öňünde,
ýa general, goşunbaşy, ordenli,
milli serhetleri goraýan, durýan,
ýan bermeýän otda, ýalynda galsa,
her hili ýok edip bolýar adamy,
eger özi kaýyl bolsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024