Kiçijik adamlar

Olar diýýär "biz bir kiçijik adam,
elimizden näme gelýär,
kim diňleýär derdimizi sözlesek?"
Hem dymýarlar balyk ýaly,
agzy suwdan doly mydam,
a gürletseň, ynanýarlar hudaýa,
onuň birne berýänine mal-döwlet,
beýlekini goýup ýetde-de-gütde,
diýmek, özleri däl, hudaý günäkär,
ýaradypdyr ejiz, egsik ýa kiçi,
ýa ynanmsyz edip özün özüne,
belki-de özünden kiçi, ýalançy,
ýüzi galyň adamlara gul bolmak,
gyrnak bolmak üçin ömür,
hyzmat etmek üçin toý-meýlisinde,
hudaý berip, baý bolanyň çen-çaksyz,
men "kiçijik" diýse, kiçi bor adam,
tanaýandyr özün hem däldir haksyz.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024