Paşmadyk ýazyjy
Bolşewikli kino görüp,
baý-garyply kino görüp,
hindi kino görüp ulaldy oglan,
arasynda okap Hydyr Derýany,
Kerbabany Kerim bilen,
Gara, Berdinazar, Halyla çenli,
Gurbannazar – hadysady,
ýazyjy bolasy geldi,
şahyr bolmak isledi ol,
ady galar ýaly yzynda ertir,
"Mekdeplerde tagta ýazyp adymy,
eserlerim geçerler..."
Arzuw etdi, neresse,
emma bilmeýärdi, düşünmeýärdi
näme boldy Hydyr Derýa,
ýa nämeler etmediler
iýmek üçin Kerbabany,
keseki däl, kärdeşleri ozaly,
ýa-da Kerim nädip deputat boldy,
nädip batdy güni Halyl Kulynyň,
Annasoltan neden zyndanda galdy,
ýa-da oba çagyrsalar,
Gurbannazar neden ýaýdandy beýle,
heniz ýaşka, güni bolmanka öýle?
Emma sorag bermedi ol,
neden şahyr döwülmänkä döwüldi,
diri galmak üçin ölmän,
ýa döwülmän, öldürildi zyndanda
yzyndan dostlary gelmän...
Bolşewikli, ak-gyzylly, gara-ak
kino görüp ulalana kyn, meger,
Gurbannazar – hadysady,
Annasoltan boldy soňra hadysa,
düşünmedi haýsy kenar bu kenar,
ýa biljek bolmady gelen ýerini,
o-da beýik, bu-da beýik,
mämüçin birisi urşy, gyrgyny,
diňe kakasyn däl, ýüz müň, milýony,
çaga-çuga, aýal-ebtat,
tylda hem frontda maýran,
"borjy" hasaplady ölen, galanyň,
beýlekisi garşy çykdy ýalana,
erkek bolup dogman, aýal halyna,
bolşweikli kino görüp ulalan,
hem dissident bolan dara-direde,
gep-gykylyk bilen birden,
bu nähili beýle bolýar diýmedi,
ýazdy ýa-da ýazjak boldy çygylyp,
hem özüni, çagalaryn güýmedi.