Tötänlik däl

Bolan zada tötänlik
diýip boljak däldi, meger.
Çünki her kes akyllydy,
köp bilýärdi bilmesizi,
(sowetlerden galan kesel),
bilmelini az bilip,
ýa-da inkär edip düýpden,
almalydy eliň ýeten ýerinden,
diliň ýeten ýerinden,
bolşewigiň sapak-dersi,
bir-birege çukur gazyp,
bir-biregi basyp aşak,
ölmelidi uzak ýaşap.

Tötänlik däl, meger, adam
doýrup bilmän doýa garnyn,
bir-birini gemirse aç,
galjak bolup ýokarlaryk,
soň türmede ölse gallaç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024