Adam bolmak egilmek däl

Ozal garyp bolup, soňra baýan är,
ýöne-möne garyp däl,
sowet garyby bolan,
atyndan düşürilen urlup,
eşek tapman ýurtda galan
atasynyň dowamy,
tigir münüp, tigirlenen,
birden baý bolsa näder,
maşynlary hatar-hatar,
aýal, oýnaş müňe ýeter,
Süleýman kim, nämemiş,
tagty asmandan uçan,
geň görme hiç zady ozal
don geýmedik ýigitden
ädimini ýalňyşsa,
ýöne ony ýüzüňden
çykalga däl ýöretmek,
ozal-ahyr hiç çykalga bolmady
üstüňe ýorgan däl, aýakgap örtmek,
adam bolmak egilmek däl,
ýaşamak däl başyň egip,
ýa ýatmak däl kim-kimleriň
aşagynda gözüň ýumup,
galdyrmak ol öz-özüňi ýokaryk,
ýa ýok bolsaň öz-özüňi döretmek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024