Adalat we sen

Adalat nähili gerek zat eken,
gör, nähili zerur eken kanunlar,
ýagşy-ýaman ýazylan,
bir ýerlerden göçürilip, ýülmelip,
ýerli şerte salyp biraz,
diýdirmek üçin gowy,
emma adam kanunlara
köwşüni süpürýän wagty
kim-kimlere daýanyp,
geregi ýok oňa kadaň,
kanun gerek bolýar diňe
gaty gyssananda adam.

Sebäbi ol sud-soragsyz,
ýa-da urlup, ýenjilip,
aç hem suwsuz, kemsidilip,
oturmagy halamaýar,
halamaýar ölmegi
hapa ýerde, dar ýerde,
ozal sözden çekip perde,
goran bolsa-da özi,
gurulýarka bu türme,
gazylýarka bu zyndan,
adalat nähili gerek zat eken,
gör, nähili zerur ekeni gerçek,
emmaki kim ony getirip berjek?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024