Nämeler bolýar?

Adam baýdy, begdi, emma
geçdi gitdi o günler,
öňki serdar öldi, täzesi geldi,
Karunyň maly hem gutarýar bir gün,
otuz ýyllap ýykylan hem talanan
ýurtdan döwran sowuldy,
başaran gaçýar indi,
goş-kötelin göterip,
ýogsa öň sözläni ýigrenerdiler,
bozgak ýa-da bulagaýdy oň ady,
sögerdiler başyn alyp gaçana,
dönük diýip yzyndan,
KGB-niň terroryna gol ýapyp,
indi hatda öňki baý,
öňki beg hem düşünýär,
ýa düşünen bolýar, walla,
hemem gürrüň edýär söz azatlygy,
pikir azatlygy hakda
petige getiren ýolda,
nämeler bolýar, Alla?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024