Ejiz adam

Ejiz adam, ogry-jümri, ýalançy,
bir gün il başyna geler,
ýurt başyna geler ýa-da
ýurtbaşynyň ýanyna,
ýa sag goly, ýa çep goly,
egindeşi bolar ýakyn,
"ç" diýende çaý getirip,
"a" diýende arak guýup,
emma munda näme bolmaz,
gider bir gün wezipe,
ýyljak orun, gelşi ýaly,
kimi busar utulanna düşünip,
kimi dowam eder oýnun,
il gözüne, hamala,
göreşiji, batyr bolup,
halas etmek üçin adyn,
ýa-da zadyn iň esasy,
ogurlanan uzak ýyllap,
ejiz adam, ogry, jümri, ýalançy,
öz ýanyndan aldar ili,
emma diňe özün aldar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024